27 maý 2024
6392
Türkmenistanyň DIM-nde Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary babatynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, söwda, maýa goýum, senagat ýaly ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy we bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mehanizmleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Taraplar bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn ornuň degişlidigini nygtadylar.
Başga habarlar
26
Sep
Gruziýanyň Adalatçysy bilen bolan duşuşyk barada
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
24
Sep
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Ähli habarlary görmek