icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 iýul 2024

4047

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy dostlarça salamlaşyp, «Arkadag» myhmanhanasynyň eýwanyna bardylar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de BMG-niň baýdagynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Milli Liderimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Antoniu Guterrişi «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlady.

BMG-niň Baş sekretary gutlaglara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny belledi. Şeýle hem myhman bu ýokary baýragyň Birleşen Milletler Guramasynyň ähli işgärleri üçin uly hormatdygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz halkara guramalar we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň dünýäde özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkarar etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Soňra duşuşyk wekiliýetleriň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryny mübärekläp, Türkmenistana gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de BMG-niň Baş sekretary bilen ozalky duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, oňa Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň taryhyndaky uly ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady we saparyň netijeleriniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüniň ahyrynda BMG-niň Baş sekretaryny uly hormat bilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geljek ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, belent mertebeli myhmana şu gezekki sapary hem-de ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin ýene bir gezek çuňňur minnetdarlyk bildirip, şeýle çemeleşmä ýokary baha berýändigini, umumy maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda bilelikde işleşmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary çykyşynyň başynda Aşgabatda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, bu ýokary sylag üçin hoşallyk bildirdi.

Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň BMG tarapyndan hemişe uly goldawa eýe boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Aşgabatda mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary tamamlandy. Belent mertebeli myhmany paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ugratdy.

BMG-niň Baş sekretary bildirilen myhmansöýerlik hem-de geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeliligi üçin hoşallyk bildirdi hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň gözel keşbiniň, ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygyny aýdyp, netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ak ýol arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi