icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

16 iýul 2024

938

Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gazak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň biragyzdan bellemegine görä ýokary derejedäki gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýgytly orun eýeleýär. Mundan başga-da, söhbetdeşler hökümetara, parlamentara, pudagara we Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtadylar.

Şeýle hem özara gyzyklanma eýe bolan sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalar boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi