icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

13 awgust 2024

551

Türkmenistan we TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegi maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýä saparynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» we 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly bilelikde geçirilmeli çäreler boýunça giňişleýin pikir alyşyldy.

Duşuşykda TÜRKSOÝ, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem-de gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini wagyz etmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOY-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen mümkin bolan ähli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary TÜRKSOÝ-yň edara binasynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitaplaryň we suratlaryň sergisi bilen tanyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi