icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

04 sentýabr 2024

94

Türkmenistanyň ýaşlary howa boýunça başlangyçlarynyň öň hatarynda

2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň (COP 29) 29-njy maslahatynyň öňüsyrasynda Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guraldy.

Maslahat welaýatyň ähli künjeginden gelen ýaşlary bir ýere jemlemek bilen, olara möhüm daşky gurşaw meseleleri boýunça pikir alyşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ýaşlaryň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.

Maslahata 17 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri, işjeň raýatlar, talyplar, şeýle hem BMG-niň edaralarynyň wekilleri, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň işi tematiki bölümçeler görnüşinde geçirildi. Türkmen ýaşlarynyň wekilleri ozalky geçen maslahatlaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň hatarynda oba hojalygynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmak meseleleri boldy.

Bölümçeleriň mowzuklaryna laýyklykda, her topar ýurduň ähli welaýatlarynda geçjek we Aşgabatda tamamlanjak mowzuklaýyn maslahatlaryň ahyrynda kabul ediljek Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipleri taýýarlady.

Duşuşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň isleglerini we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (HÜÇK) proseslerine bolan garaýyşlaryny beýan edýän Ýaşlar beýannamasy kabul ediler, şeýle-de ol Bakuda geçiriljek COY19 Ýaşlar maslahatynda hödürlener we COP29-da YOUNGO-nyň resmi ählumumy çemeleşmesine giriziler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi