icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

13 sentýabr 2024

875

Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa ýurtlary, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça täze sebitleýin wekili Oliwer Stolpe bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. UNODC-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň tapgyrlarynyň çäklerinde bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň we Ýewropa Bileleşiginiň taslamalarynyň üsti bilen amala aşyrylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda guramaçylykly jenaýatlar, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy, korrupsiýa we terrorçylyk ýaly ählumumy häsiýetli halkara howplaryna garşy göreşmekde häzirki wagtda alnyp barylýan işlere we hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy.

Taraplar şu ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri guramak barada pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi