icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 oktýabr 2024

670

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen Bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň Baş Assambleýanyň işleri we konferensiýa dolandyryşy boýunça orunbasary Mowses Abelýan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde wise-başlyklygyň başlanmagy mynasybetli türkmen tarapyna ýagşy arzuwlar beýan edildi. Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen «Geljegiň sammitine» gatnaşmagyny we onuň bölümçeleriniň birinde başlyklyk etmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň çäginde bilelikdäki çäreleri guramak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň sebit we halkara çäreleriniň iň ýokary derejede guralmagyna saldamly goşant goşmagy dowam etdirmäge ygrarlydygy nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi