2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň DIM-iň Ýewropa ýurtlary bölüminiň we Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy bölüminiň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Polşanyň wekiliýetine Polşa Respublikasynyň DIM-iň Gündogar departamentiniň direktorynyň orunbasary Marek Salka ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan özara ygrarlylyk tassyklanyldy. Halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklar barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.
Taraplar söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns bermek bilen, dürli ugurlardaky özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge meýillidiklerini tassykladylar.