icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

15 oktýabr 2024

233

Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

«Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda parlament gatnaşyklaryny berkitmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar.

Mejlisde bellenilmegine görä soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler bilen bir hatarda, parlamentara dialog hem ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, özara gatnaşyklary giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Şunda parlamentara dostluk toparlaryna uly orun degişlidir. Olaryň işi doganlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýar.

Günüň ikinji ýarymynda duşuşyk «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat», «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek ugrunda hyzmatdaşlyk» atly bölümçelerde dowam etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar eýýäm netijeliligini görkezen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň möhümdigini aýdyp, bilelikdäki meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin alty ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny bellediler.

Şeýle-de duşuşykda durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda milli tejribeleri alyşmak, parlament we kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, zenan parlamentarileriň we ýaş deputatlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň yzygiderli dialog hem-de dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek babatda netijeli meýdança boljakdygy nygtaldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň netijeleri teklipler esasynda kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada öz beýanyny tapdy.

* * *

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikinji türkmen-koreý geňeşme maslahaty geçirildi.

Bellenilişi ýaly, yzygiderli geçirilýän duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.

Şunda 2023-nji ýylyň sentýabrynda Seul şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşandygy aýdyldy.

Şunuň bilen birlikde, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol bir gün parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisiniň Başlygy Ý.Koşanow, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy M.Zokirzoda, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy N.Ismoilow bilen duşuşdy.

Şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi