2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Syýasy hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, söwda-ykdysady ulgam, howanyň üýtgemegi, hususan-da metan zyňyndylaryny azaltmak ugrundaky we ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara bähbitli konstruktiw gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.