2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýokarky derejede ozalky geçirilen çäreleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika we senagat toplumynda, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.
Diplomatlar sebitleriň arasyndaky we medeni-ynsanperwer ulgamdaky işleri artdyrmak boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de, taraplar sebit we halkara gün-tertibiniň möhüm meseleleri barada maslahatlaşdylar.