2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň şu gezekki saparynyň çäklerinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de mejlisiň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalary bilen gaz pudagynda, himiýa senagatynda iş alyp barmakda oňyn tejribe toplady. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir.
Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada indiki ýyl «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisi geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de serginiň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzda ýörite guramaçylyk toparynyň döredilendigini we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny belläp, serginiň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw etdiler.