2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Taraplar saud maýasynyň gatnaşmagyndaky gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suw we oba hojalygy, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamlaryndaky geljegi uly bolan taslamalary gözden geçirdiler.
Gepleşikleriň dowamynda bu kesgitlenen ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Bilelikdäki hereketleriň iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze derejä çykmagyna itergi berjekdigine ynam bildirip, söhbetdeşler gatnaşyklary has-da berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.