icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

11 fewral 2025

1280

Türkmenistanyň DIM-de Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň direktory Ewe-Kýulli Kalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň bu agentligiň esasy maksadynyň – atom energiýasyny bütin dünýäde parahatçylygy, saglygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen ulanmagyň çygrynda işjeňleşýändigini bellediler.

Söhbetdeşler häzirki we geljekki bilelikdäki taslamalary, hususan-da, radiobejergi gullugyny döwrebaplaşdyrmak, radiasiýa howpsuzlygy boýunça kanunçylyk binýadyny rejelemek boýunça işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda IAEA-nyň çäklerinde Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň esasy hyzmatdaş bolup çykyş edýändigi bellenildi. Şeýle-de, taraplar Türkmenistan boýunça IAEA-nyň çarçuwaly maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagynyň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkeziniň gurluşygynyň çäginde IAEA-nyň bilermenlerini çekmek meseleri boýunça pikir alyşyldy.

Taraplar Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň agzalan departamenti bilen Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi