icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

16 mart 2025

281

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär

2025-nji ýylyň 15-nji martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi çagalaryň saglygyny saklamaga we berkitmäge, olaryň hukuklaryny goramaga, şeýle hem doly derejeli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen köp sanly taslamalarda we başlangyçlarda öz beýanyny tapdy.

O.Atabaýewa Haýyr-sahawat gaznasynyň işi we geljekki başlangyçlary, şeýle hem Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalara edilen ýüzlerçe operasiýalary we lukmançylyk hyzmatlaryny nazara almak bilen, onuň işiniň netijeleri barada gürrüň berdi.

Taraplar çagalara zerur bolan kömegi bermek meselelerinde Haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Saglygy goraýyş we inklýuziw bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk dogrusynda hem pikir alyşmalar geçirildi.

Mundan başga-da, taraplar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirmegi meýilleşdirilýän maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi