icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

28 mart 2025

858

Aşgabatda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy

2025-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Baştutanlarynyň ynanyşykly gatnaşyklarynyň, şeýle hem soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga bolan konstruktiw meýillerini nygtadylar.

Özara gyzyklanma eýe bolan sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine hem garaldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar ýakyn günlerde Samarkant şäherinde geçirilmegi  meýilleşdirilýän birinji Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler köp asyrlyk dostluk ýörelgelerine, doganlyk halklaryň ruhy, taryhy we medeni umumylyklaryna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi