2025-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Estoniýa Respublikasyna sapary amala aşyryldy.
Saparyň dowamynda Estoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça ministriniň orunbasary Martin Rožer bilen syýasy geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hökümetara we pudagara gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýandygy bellenildi.
Iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek barada gürrüň edilende şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň göwrümini giňeltmegiň ýollaryna garaldy. Taraplar sanlylaşdyrmak pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny guramak ileri tutulýan ugurlaryň hataryna görkezildi.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Erika Ellama-Ots bilen duşuşdy.
Halkara platformalaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Estoniýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we berkitmegiň zerurlygy bellenildi. Söwda dolanşygynyň mukdaryny ýokarlandyrmak we giňeltmek maksady bilen degişli platformany döretmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.
Türkmen wekiliýetiniň Estoniýada bolmagynyň çäginde Tallindäki E-Estoniýa sanlylaşdyryş merkezine okuw sapary amala aşyrylyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen bu merkeziň sanly özgeriş boýunça geňeşçisi Petra Holmyň arasynda duşuşyk geçirildi.