icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

10 aprel 2025

1592

Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hökümetara hem-de pudagara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda energetika geçişi, suw çeşmeleri, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýokary bilim we ulag ýaly meseleleri öz içine alýan “2024-2025-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasyny” tassyklamak başlangyjy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möçberini ýokarlandyrmagyň ýollaryna aýratyn garaldy.

Nebit-gaz we demir ýol pudaklary, dokma senagaty, oba hojalygy we suw dolandyryşy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kegitlenildi.

Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamda, hususan-da bilim, arheologiýa we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary berkitmek baradaky özara ygrarlylyk bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi