15 iýul 2025
3465
Türkmenistanyň DIM-inde BAE-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmak maksady bilen taraplar geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri bilelikde guramak we iki ýurduň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine garadylar.
Başga habarlar
25
Aug
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
25
Aug
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
21
Aug
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
20
Aug
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler
18
Aug
Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly bilen duşuşyk geçirildi
Ähli habarlary görmek