15 iýul 2025
3154
Türkmenistanyň we Ruanda Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ruanda Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Oliwýe Nduhungireheniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ynanyşmagy berkitmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna baha berdiler.
Başga habarlar
24
Oct
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
24
Oct
Aşgabatda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi
23
Oct
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
23
Oct
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Ähli habarlary görmek