19 awgust 2025
3983
Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Rana Abu Hijleh öz adyndan we Palestina Döwletiniň ýolbaşçylygynyň adyndan palestin halkyna berilýän ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.
Başga habarlar
24
Oct
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
24
Oct
Aşgabatda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi
23
Oct
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
23
Oct
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Ähli habarlary görmek