09 fewral 2026
2429
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Aşgabat şäherinde ýakyn wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatyna taýýarlyk we ony üstünlikli geçirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Başga habarlar
29
Apr
Türkmenistanyň DIM-de Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri bilen duşuşyk geçirildi
29
Apr
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
29
Apr
Türkmenistanda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady
28
Apr
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň HHR-nyň Ilçisi ilen duşuşygy barada
28
Apr
Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifingde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan döwletiň daşary syýasy işine syn berildi
Ähli habarlary görmek