Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Çärä Guramanyň agza döwletleriniň we synçy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary we wise-prezidenti, ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag-logistika geçelgelerini, söwdany, maýa goýumlary, sanly ykdysadyýeti, energetikany hem-de durnukly ösüşi ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türki döwletleriniň arasynda ykdysady goşulyşmany has-da çuňlaşdyrmak, bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, senagat, oba hojalygy we innowasiýalar ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar özara goldawy pugtalandyrmagyň, işewürlik gatnaşyklary ösdürmegiň we özara söwdanyň ösüşi üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýew öz çykyşynda umumy taryhy-medeni ýakynlyga, däp-dessurlara we özara ynama esaslanýan türki döwletleriniň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady. Döwletleriň halkara howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüşi ilerletmek we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny we senagat kooperasiýasyny ösdürmäge, şeýle-de ulag-logistika düzümini kämilleşdirmäge, şol sanda Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgelerini, Hazarüsti we Lapis Lazuli ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, energetika hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýeti, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we diwersifikasiýalaşdyrylan üpjünçiligini ýola goýmagyň zerurlygy, şeýle hem türki döwletleriniň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi. Türkmenistan görkezilen ugurlaryň ählisi boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň jemleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we Türki döwletleriň guramasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen degişli çözgütler kabul edildi.
Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygy doganlyk türki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.
Şeýle hem, şol gün irden Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin gelen wekiliýet ýolbaşçylaryny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti türki ýurtlarynyň jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hem-de ulag-logistika mümkinçiliklerini artdyrmagyň, şol sanda Orta geçelgäni we Hazarüsti geçelgesini ösdürmegiň möhümdigini belledi.