Baş sahypa / Habarlar
img
08 aprel 2026
67

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet, syýasy we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz onuň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Walentina Matwiýenko gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, özara hormat goýmak däplerine esaslanýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň goşandynyň wajyp ähmiýetini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýändigini belledi we ýurdumyzda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän forumlara, mejlislere, duşuşyklara aýratyn üns berýändigi üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň dialogyny, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ugry boýunça ýokary derejeli çäräni geçirmek başlangyjyny goldandygy üçin oňa hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäreleriň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrar.

Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny beýan etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.