Baş sahypa / Habarlar
img
16 aprel 2026
58

Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistana saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler.

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory we wekiliýet agzalary bilen duşuşygy boldy.

O.Atabaýewa dostlukly ýurduň wekiliýetini türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, myhmany mynasyp bolan ylmy derejesi hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagy bilen gutlady.

Gaznanyň wise-prezidenti iki ýurduň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň taryhy ähmiýetiniň bolandygyny belläp, bu wakalaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezýändigini aýtdy.

Myhman Türkmenistanda saparda bolmagyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bilen duşuşyp, degişli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, munuň üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gaznanyň wise-prezidenti Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň çakylygy boýunça iş sapary bilen Hytaýda bolandygyny we saparyň çäklerinde bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirendigini aýtdy. “Şonda Sun Sinlin adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Häzirki döwürde resminamadan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär” diýip, O.Atabaýewa sözüni dowam etdi.

Ol gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çagalaryň saglygyny goramak, toplumlaýyn bejeriş we dikeldiş işlerini alyp barmak boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

O.Atabaýewa şu ýyl gaznanyň döredilmegine 5 ýyl bolandygyny belläp, şu döwürde köp sanly haýyr-sahawat işleriniň amala aşyrylandygyny, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli ugurlar boýunça çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigini aýtdy.

Gazna çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek bilen birlikde, olaryň ahlak, aň-paýhas, beden taýdan ösüşine hem goldaw berýär, bilim we sport toplumlarynyň gurluşygyna ýardam edýär.

O.Atabaýewa adaty däl lukmançylygyň aýratynlyklary we onuň gazananlary bilen gyzyklanýandyklaryny belläp, lukmançylygyň bu görnüşini çagalaryň saglygyny goramakda peýdalanmak üçin hytaý tarapynyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentine hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Rektor häzirki döwürde Awstraliýada, Russiýada, ABŞ-da, Germaniýada Adaty däl lukmançylyk merkezleriniň açylandygyny, bu sanawa Türkmenistanyň hem goşulmagynyň ýurtda ynsan saglygyny goramaga, bejerişiň ähmiýetli ugurlaryny peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini subut edýändigini aýtdy.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, bu ýerde tebigy dikeldiş bejergisiniň ippoterapiýa görnüşiniň ýola goýlandygyna ünsi çekdi.

Soňra Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine tarap ugradylar. Merkeziň lukmanlary näsag çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri, merkezde oturdylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.

Hytaýly myhmanlar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine hem baryp görüp, bu ýerde alnyp barylýan işler, atçylyk sirkiniň özboluşlylygy, çagalaryň daýanç-hereket ediş synalaryny berkitmekde at üstündäki hereketleriň, ippoterapiýanyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Soňra bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi.

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we saparyň maksatnamasynyň täsirli işlenip düzülendigi üçin Türkmneistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.