Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde, günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
“Akorda” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady.
Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki şertlerde sebit hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini belledi we Aral deňzi sebitiniň ekologik abadançylygynyň gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň azyk, energetika howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýändigini nygtady.
Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany sebit ýurtlarynyň esasy maksadynyň halklarymyz üçin örän möhüm bolan wezipeleriň ikinji derejä geçirilmegine ýol bermezlikden, gaýtam, sebitde halkara hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş gurallaryny gorap saklamakdan hem-de ösdürmekden ybaratdygyna ynanýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk eden döwründe gaznanyň amaly wezipelerine jogapkärçilikli we maksatnamalaýyn üns berendigini aýratyn ähmiýet berendigini ýatlatdy.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Türkmenistan ilkinji gezek «Rio+20» sammitinde beýan eden “Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny” (UN SPAS) döretmek baradaky teklibini ilerletmek bilen, 2019-njy ýylda ýurdumyz bu maksatnamanyň taslamasyny BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasyna (UN ESCAP) hödürledi. Soňra şol komissiýanyň 79-njy sessiýasynda «Aral deňziniň basseýni üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine garamak» atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Aral deňziniň basseýniniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyry (ADBM — 4) işlenip düzüldi.
Sebitiň ekologik meseleleri boýunça halkara tagallalary birleşdirmek ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ýakyn wagtda ol Aşgabatda öz işine başlar.
Aral meselelerine garalanda, olary çölleşme, buzluklaryň eremegi, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak we beýleki birnäçe möhüm ekologik wehimlerden aýra göz öňüne getirip bolmaz diýen ýörelgeden ugur alynýandygy bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki işiň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeleri, şol sanda geosyýasy we ykdysady häsiýetli ýagdaýlary göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip edýändigini nygtady.
Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi bilen gutlady hem-de öňde duran işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Araly halas etmegiň halkara gaznasynda netijeli we üstünlikli başlyklyk edendigi, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisini ýokary derejede geçirendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana Beýannamasy; Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentini saýlamak hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; Gazagystan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň netijeleri hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.
Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.