Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy.
Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde gysga söhbetdeşlik geçirildi, onuň dowamynda BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň mähirli salamlary ýetirildi.
Öz gezeginde, Baş sekretar Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hormat we minnetdarlyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi hem-de Guramanyň işine berilýän goldaw we strategiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant üçin hoşallygyny bildirdi.
Taraplar Türkmenistanyň BMG-niň düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň we araçylyk gurallarynyň ösdürilmegi, şeýle hem ulag, energetika we daşky gurşawy goramak ugurlarynda durnukly ösüşiň üpjün edilmegi barada pikir alyşdylar.
Baş sekretar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini aýratyn nygtady, onuň sebitde durnuklylygyň berk binýady bolup hyzmat edýändigini belledi. Şeýle hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Türkmen tarapyna Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de ösüşine, şeýle-de onuň iri sebitara ulag-energetika taslamalaryna goşulyşmagyna goşýan amaly goşandy üçin hoşallyk bildirildi.
Antoniu Guterriş 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýakymly duýgular bilen ýatlandygyny aýtdy. Şeýle hem türkmen ýolbaşçylarynyň myhmansöýerligi we maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň geljekki onýyllyk üçin ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Baş sekretar halkara ýagdaýlaryň çylşyrymlaşýan şertlerinde Türkmenistanyň BMG-niň ornuny berkitmekdäki möhüm ornuny ýene-de bir gezek belledi hem-de Sekretariatyň geljekde hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.