Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
28 aprel 2026
112

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Türkmenistanda täze bellenen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işini amala aşyrmaga zerur bolan goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Ilçi öz gezeginde türkmen-müsür hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň arasynda şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem Halkara we sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän meseleleri boýunça garaýyşlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri dowam etdirmek, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň mejlislerini geçirmek, Aşgabatda we Kairde iki ýurduň Medeniýet günlerini guramak, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.