Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
img
img
img
img
29 aprel 2026
60

Türkmenistanda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi. 

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi dostlukly ýurduň senagat hem-de eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. 

Irden Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlary bu ýere gelen myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar.

Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça giňden ösdürilýär.

Soňra ähli gatnaşyjylar serginiň geçirilýän ýerine geldiler. Bu ýerde soňky ýyllarda depginli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. 

Serginiň giň meýdançasynda gurnalan 70-den gowrak diwarlykda Hytaýyň köpugurly döredijilik hem-de innowasion mümkinçilikleri giňişleýin tanyşdyrylýar.

Kompaniýalaryň birnäçesi dokma senagatynda we gurluşyk-gurnama işinde, ýyladyşhana hem-de suw hojalygy pudagynda hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “akylly” tehnologiýalar esasynda işleýän oba hojalyk tehnikalaryny, süýümli aragatnaşyk kabellerini, dürli ekinleriň bol hasylly we daşky gurşawa çalt uýgunlaşýan görnüşleriniň tohumlaryny, weterinar derman serişdelerini öndürýän kompaniýalar hem bar. Şeýle hem birnäçe diwarlykda dürli dermanlaryň hem-de sanjymlaryň önümçiliginde hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikler şöhlelendirilýär.

Ylym-bilim pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki wagtda dostlukly döwletde türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi bilim alýar. Serginiň çäklerinde Hytaýda bilim almak isleýän ýaşlar üçin hödürlenilýän amatly mümkinçilikler bilen hem ýakyndan tanyşmak bolýar.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, söwda, maliýe we ykdysadyýet, oba hojalyk, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iri hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň we Hytaýyň özara söwdany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bar bolan ugurlary serginiň ikinji gününiň çäklerinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumynyň dowamynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. Iki döwletiň arasyndaky mizemez dostlugyň we hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüljek halkara forum we sergi 30-njy aprelde öz işini tamamlar.