Baş sahypa / Habarlar
img
08 maý 2026
54

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 7-nji maýy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwilini kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gruziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň we Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň Prezident Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň wekilini mähirli mübärekläp, Gruziýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Gruziýa bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Türkmenistan hem-de Gruziýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu guramalaryň çäklerinde başlangyçlary özara goldamak tejribesi munuň aýdyň mysalydyr.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlykda oňyn netijeler gazanyldy. Ulag-logistika ulgamy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugrudyr. Türkmenistan halkara ulag geçelgeleriniň üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi Aziýa ýurtlaryny Gara deňiz sebiti we Ýewropa bilen birleşdirmekde oňyn şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Hazar deňzi — Gara deňiz», «Lapis Lazuli», «Ýaşyl» port» ýaly taslamalary durmuşa geçirmegiň we ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň ornuna aýratyn ünsi çekip, toparyň nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly ornuny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýola goýlan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.