Baş sahypa / Habarlar
img
14 maý 2026
36

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady.

Kazanyň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Malahatynyň Başlygy bilen Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Rustam Minnihanow belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we köp ýyllaryň dowamynda durnukly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistany we Tatarystany çuňňur taryhy kökleriň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlardyr duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge itergi berýär.

Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.

Rustam Minnihanow çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Tatarystanda Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparyna dostlukly gatnaşyklaryň mizemezliginiň we strategik hyzmatdaşlygyň nobatdaky subutnamasyna öwrülýän ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady.

Şeýle-de ol türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň iki halkyň bähbidine tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy hem-de Kazanyň şu ýylda “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Şeýle hem sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen bir hatarda, nebitgaz, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Aşgabadyň hem-de Kazanyň arasyndaky yzygiderli amala aşyrylýan howa gatnawlary işewürlik we ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirýän möhüm şert hökmünde görkezildi.

Milli Liderimiz bilim edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtap, «Tatar gyzy — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny Aşgabatda geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň bu teklibini goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň Kazana sapary dowam edýär.