Baş sahypa / Habarlar
img
15 maý 2026
58

Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanov toplumyň çäginde guralan Tatarystanyň oba hojalyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Sergide dürli görnüşli azyk önümleri görkezildi.

Hünärmenler myhmanlary serginiň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany atlara bagyşlanan sungat eserleri bilen gyzyklandylar. Serginiň bu bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň rus dilindäki nusgasyna aýratyn orun berlipdir.

Kazan halkara atçylyk sport toplumynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Ýaryşlara türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşyp, tatar tohumly bedewlerde çykyş etdiler we baýrakly orunlary eýelediler.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri iň gowy netijeleri gazanan türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary üstünlikleri bilen gutlady.

Watandaşlarymyz milli atçylygy ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çapyksuwarlaryň haýyşy boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany olar bilen ýadygärlik surata düşdüler.

***

«KazanForum 2026»-nyň çäklerinde Kazan şäherinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: hyzmatdaşlyk EXPO» atly serginiň geçirilýändigini bellemek gerek. Oňa Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar.

Türkmenistanyň milli pawilýony ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we hususy sektorda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde nebitgaz toplumy, himiýa senagaty, azyk we dokma senagaty, gurluşyk materiallary ýaly ugurlaryň önümleri görkezilýär. Şeýle hem milli pawilýonda ulag-aragatnaşyk, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ugurlarynda gazanylan üstünlikler giňden beýan edilýär. Elektron senagatyndaky ösüşler hem aýratyn görkezilýär.

Şeýle-de türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli sungat eserleri, şol sanda türkmen halylary we şaý-sepler görkezilýär.

Türkmenistanyň pawilýonynda meşhur türkmen halylary, ajaýyp şaý-sepler hem bar. Zehinli türkmen halyçylarynyň, zergärleriniň döreden bu eserleri gözelligi, inçeligi bilen tutuş dünýäde meşhurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna sergide möhüm orun berlipdir. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu eser ähmiýetli gollanma hökmünde ykrar edilendir.

Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň sergi bölüminiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler.

Kazan forumynyň çäginde guralýan “Musulman dünýäsiniň zenanlarynyň milli geýimleriniň modasy” festiwalynda ýurdumyzyň milli lybaslary görkezildi. Türkmen modelýerleriniň Kazanda geçirilen bu abraýly festiwala gatnaşmagy milli däp-dessurlarymyzyň, baý medeni mirasymyzyň döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşygyny görkezmäge mümkinçilik berdi.