Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapar bilen ugrady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Karl III maşgalasynyň çakylygy boýunça sapar bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady.
Ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda ýola goýlandygyny bellemek gerek. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen 50-nji mejlisinde türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk hakyndaky Kararnamasyny we ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilik syýasatyny hem-de häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna bardy.