Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
img
img
img
img
22 maý 2026
85

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 21-22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde saparda boldy.

21-nji maýda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Tawriçeskiý köşgünde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa Arkalaşyga agza ýurtlaryň resmi parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda kanun çykaryjylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin we gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Ýygnanlar GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 2025-nji ýyldaky işiniň netijelerini hem-de gün tertibiniň beýleki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

22-nji maýda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisi geçirildi. Mejlisi GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko açdy. Soňra GDA-nyň Parlamentara Assambleýasyna agza döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň, hyzmatdaş guramalaryň wekiliýet baştutanlarynyň hem-de hormatly myhmanlarynyň çykyşlary diňlenildi.

D.Gulmanowa öz çykyşynda hemişelik bitarap Türkmenistanyň parlament diplomatiýasynyň gurallaryny netijeli ulanmaga we GDA agza ýurtlaryň kanun
çykaryjy edaralarynyň arasynda tejribe alşylmagyna uly ähmiýet berýändigini belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy şu ýylyñ güýzünde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe iri möçberli çäreler, şol sanda GDA-nyñ Parlamentara Assambleýasynyñ ugry boýunça guraljak çäreler barada habar berdi. Şu nukdaýnazardan, D.Gulmanowa hormat bilen Parlamentara Assambleýasynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Wekiliýetleriniň ýolbaşçylary parlament diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagynyň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine, durnuklylyga hem-de GDA agza döwletleriň yzygiderli ösüşine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Şunuñ bilen baglylykda çykyş edenler Parlamentara Assambleýasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeliliginiñ ýokarlandyrylmagy bilen bagly meselelere üns berdiler.