Baş sahypa / Habarlar
img
23 maý 2026
87

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy bilen duşuşygy barada

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewi kabul etdi.

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna Sadyr Žaparowdan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Myhman Gyrgyzystanda Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekdäki goşandyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Adylbek Kasymaliýew şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň 2025-nji ýylyň aprel aýynda Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparyny mähir bilen ýatlaýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň gyrgyz-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekdäki aýratyn goşandyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Adylbek Kasymaliýewe Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de onuň häzirki mejlise gatnaşmagynyň Gyrgyz Respublikasynyň GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýandygyny nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilen çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine hem-de myhmanyň häzirki saparynyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasy bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, häzirki wagtda ulag, nebitgaz senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň bu ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hereketleriň aýrylmaz bölegi hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça tagallalara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.