Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
27 maý 2026
65

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 26-njy maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça orunbasary Rozmari DiKarlonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, öňüni alyş diplomatiýasynyň, jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmegiň we BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda halkara hukugynyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerini yzygiderli ilerledýändigi bellenildi.

Türkmen tarapy Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) işine ýokary baha berip, onuň ygtyýarlyklaryny mundan beýläk-de goldamaga we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, taraplar sebit hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek maksady bilen Merkeziň wezipelerini we iş ugurlaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda sebit howpsuzlygy, durnuklylygy saklamak we dialog hem-de ynanyşmak esasynda parahatçylykly düzgünleşdiriş mehanizmlerini ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky Türkmenistanyň başlangyjy hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Bu başlangyjyň BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara hukugynyň ýörelgelerine esaslanýan durnukly we adalatly halkara howpsuzlyk ulgamyny döretmekdäki ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny amaly taýdan durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Bu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we Bitaraplyk kafedrasy döredildi. Başlangyç tapgyrda kafedranyň binýadynda ýöriteleşdirilen magistr maksatnamasyny işe girizmek, şeýle hem BMG-niň Parahatçylyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara baglanyşygy, durnuklylygy we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iri infrastruktura we sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini nygtadylar. Hususan-da, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi taslamasynyň sebit parahatçylygyny, durnukly ösüşi we energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm şert hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.