Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
09 iýun 2026
73

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ICAPP-nyň Sekretariatynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aziýanyň syýasy partiýalarynyň halkara maslahatynyň (ICAPP) Sekretariatynyň Ýörite wekili Çong Te Iniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ösüşiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda ýokary derejeli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň we parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşleriniň ähmiýetini nygtadylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda energetika, himiýa senagaty, ulag we infrastruktura ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar köpugurly türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.