Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
07 noýabr 2026
26

GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Çäre Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek, geljekki bilelikdäki meýilnamalary kesgitlemek hem-de dostluk köprülerini has-da berkitmek ugrunda möhüm ädim boldy. Mejlisde GDA giňişliginde medeni gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga GDA agza döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň esasy maksady Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasyndaky taryhy-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, dowam edip gelýän ruhy-döredijilik baglanyşyklaryny täze derejelere çykarmakdan we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, taraplar häzirki zaman şertlerinde medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna baha berip, geljekki bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda 2026-njy ýylda geçirilen möhüm medeni çäreler, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletleriň medeniýet ulgamyndaky 2026 — 2028-nji ýyllar üçin esasy hyzmatdaşlyk çäreleri we 2027-nji ýylda meýilleşdirilýän giň möçberli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Meýilnamanyň durmuşa geçirilişi boýunça Geňeşiň agzalarynyň maglumatlary diňlenildi.

Mundan başga-da, «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Medeniýet günleri» Konsepsiýasynyň taslamasy we GDA gatnaşyjy döwletleriň «Arkalaşyk» atly halkara kinofestiwaly hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi hem-de «GDA-nyň medeni paýtagtlary» döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda medeni mirasy gorap saklamak, dikeltmek we bütin dünýäde wagyz etmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselesine üns çekildi. Şunda Arkalaşygyň çäklerinde geçirilýän halkara festiwallaryň, medeniýet günleriniň we döredijilik duşuşyklarynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Ara alyp maslahatlaşylan ugurlaryň hatarynda GDA giňişliginde yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ýaşlaryň döredijilik oýunlaryny, halkara bäsleşikleri we ylmy-amaly maslahatlary guramak meselesi hem beýan edildi.

Mejlisiň ahyrynda geňeşiň başlyklygy, nobatdaky mejlisiň geçiriljek ýeri bilen bagly guramaçylyk meselelerine seredildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, şu günki mejlisiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky dostluk, parahatçylyk we ynsanperwerlik köprüleriniň mundan beýläk hem berkäp, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.