Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
15 noýabr 2026
60

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň YHG-nyň çäklerinde özara hormat goýmak we sebitleýin ösüşiň umumy bähbitlerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.

Sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň we gapma-garşylyklarynyň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegini yzygiderli goldaýandygy bellenildi. Duşuşygyň dowamynda «ECO Strategic Goals until 2035» atly strategik resminamanyň taýýarlanyş işleriniň tamamlanmagy oňyn garşylanyldy. Bu resminamanyň YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň tassyklamagyna hödürlenjekdigi bellenildi. Şeýle hem Guramada başlyklygyň dowamlylygyny we yzygiderliligini üpjün etmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň Sekretariatynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.