Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Ishak Dar bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikler Pakistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda, Türkmenistanyň we Pakistanyň bilelikdäki hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli syýasy dialogy saklamagyň, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Özara gyzyklanma bildirilýän sebit infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygy aýratyn bellenildi.
Şeýle hem söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, energetika pudagynda, sebitleýin özara baglanyşyklylygy ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň çäklerinde senagat, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, iki ýurduň halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygynyň meselelerine garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Pakistanyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.