Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
18 noýabr 2026
19

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝUNFPA-nyň 2026–2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýyl ýurtda Gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy, «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça milli maksatnama ýaly möhüm strategik resminamalaryň kabul edilendigi, şeýle hem degişli pudak edaralary bilen ýyllyk iş meýilnamalarynyň gol çekilendigi bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda enäniň we reproduktiw saglygyň goragyny, gender deňligini, demografik ösüşi hem-de ýaşlar bilen alnyp barylýan işleri aýratyn nygtadylar.

Türkmenistan bilen ÝUNFPA-nyň mundan beýläk-de bilermenleriň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmäge we öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmäge we durnukly ösüşe gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.