Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Italiýanyň Deputatlar palatasynyň deputaty, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Eudjino Zofili bilen duşuşygy geçirildi. Ol ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Parlamentara dialogy işjeňleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň we Italiýanyň halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň we ýokary hem-de iň ýokary derejedäki özara saparlaryň tejribesini giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar «Italiýa – Merkezi Aziýa» formatyndaky hyzmatdaşlyga hem oňyn baha berip, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň bähbidine bu mehanizmi mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli dialogyň ýola goýlandygy bellenildi.
Söwda-ykdysady ulgamda energetika, dokma senagaty we söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem oba hojalygynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan özara gyzyklanma hem tassyklanyldy. Şunda bilim alyşmalaryny, akademiki gatnaşyklary ösdürmek we arheologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn dialogyň, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň çuňlaşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.