Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatdaky çykyşy
Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary! Hanymlar we jenaplar! Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin! Bu foruma otuzdan hem köp döwletden ulag edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler. Şeýle hem halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemg...
DowamyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary! Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar! Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine şu duşuşyga gatnaşmaga çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişler bolup geçdi, täze ýagdaýlar, wehimler peýda boldy. Olar biziň sebitimizden...
DowamyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitindäki Çykyşy
Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň agzalary! Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentlerini Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekleýärin. Size Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Muny Hazarda biziň maksatlarymyzyň umumydygynyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygymyzyň tass...
DowamyMilli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyndaky Çykyşy (Aşgabat, 2022-nji ýylyň 12-nji maýy)
Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, sizi Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda tüýs ýürekden mübäreklemäge, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmaga çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Onuň Aşgabatda geçirilmegine ýurdumyza hem-de türkmen halkyna hormatyň nyşany, biziň döwletlerimiziň dostlugyny, özara düşünişmegini pugtalandyrmaga, syýasa...
DowamyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitindäki çykyşy
(2022-nji ýylyň 23-nji apreli) Siziň Alyhezretiňiz! Hanymlar we jenaplar! Men şu sammite çagyrandygy we onuň üstünlikli geçmegi babatda döredilen şertler üçin Onuň Alyhezreti, Ýaponiýanyň Premýer-ministri jenap Fumio Kisidä, Ýaponiýanyň Hökümetine hem-de Aziýa — Ýuwaş umman Suw forumyna minnetdarlyk bildirýärin. Hormatly sammite gatnaşyjylar! Aziýa — Ýuwaş umman sebiti häzirki döwürde ählumumy ösüşiň we ilerlemegiň iň kuwwatly sebitleriniň biri hökmünde çykyş e...
DowamyTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY
(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 1-nji marty) Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary! «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýurdumyzda uly joşgun bilen baýramçylyklar bellenýän şu güni gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan döwletliligimiziň milli kadalaryna esaslanyp, men gazanan üstünliklerimizi artdyrmak hem-de öňde duran uly işlerimizi we ýeňişlerimizi kanunçylyk taýdan berkitmek üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bile...
DowamyTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy
(11.02.2022) Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Ata Watanymyzyň özygtyýarly, özbaşdak ösüş ýoluna düşmegi biziň halkymyz üçin ykbal kesgitleýji taryhy waka we dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaýdyr. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň öz Garaşsyz döwletini döretmek baradaky köpasyrlyk arzuw-isleginiň otuz ýyl mundan ozal amala aşandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamananyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp bileris. Garaşsyzlyk alnandan soňky çylşyrymly döwre garamazdan,...
Dowamy