icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
Baş sahypa / Aşgabat - 140 ýyl

Aşgabat – Türkmenistanyň paýtagty

Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr, ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir we şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi bolup durýandyr.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizioldi we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşurdyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý Paýtagtyň güni – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy. Paýtagtyň baş wezipesi – dünýä türkmenleri üçin baş şäher bolmak bilen, olaryň jebislik mesgenine we milli döwletliligiň mizemez binýadyna öwrülmekden ybaratdyr.

Şeýle hem bellenilmeli zatlaryň biri, ol hem 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramadaky agzalyk şähere dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi we ýaýbaňlandyrylmagy, şonuň ýaly-da şäheriň syýahatçylyk imijiniň işlenilip düzülmeginde täze mümkinçilikleri açýar.

Bu gün Aşgabat ýurduň syýasym durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir, onuň aýratyn derejesi «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Kanun bilen kesgitlenendir.

Türkmen paýtagtynyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebitleýin we halkara merkezi hökmündäki abraýy hem barha artýar. Bu ýerde 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agza-döwletleriniň we agzalarynyň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşendir.

Şäherde mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, sport hem-de durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygy işjeň dowam edýär. Paýtagtyň häzirki zaman keşbiniň kemala getirilmeginde ýerleriň abadançylygyna we bag ekilişine aýratyn üns berilýär.

Bu günki günde Aşgabat ş. ulag ulgamy awtomobil, demir ýol we howa ulag görnüşlerinden ybaratdyr. Paýtagtda halkara howa menzili hereket edýär. Aşgabat Türkmenistanyň iri aragatnaşyk ulgamy bolup durýar. Bu ýerde tele- we radiokommunikasiýalarynyň, sanly hemra aragatnaşygynyň ösen toy döredilendir. Türkmenistanyň paýtagty iri söwda merkezi bolup durýandyr. Ýurduň umumy söwda dolanşygynda Aşgabat öňdebaryjy orny eýeleýändir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi