icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 ýanwar 2024

1614

Ukrainada medeni-aň bilim çäreleri geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlanmagy mynasybetli çäre geçirildi.

Çärä Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri we diplomatlar gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan kitabynyň ýaşlaryň häzirki we geljek nesli üçin ýan kitabyna öwrüljekligini bellemek gerek.

Çykyşlarda ýaşlaryň ýurduň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybarat bolan Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy.

Şeýle-de, ýylyň şygaryna bagyşlanyp geçirilen çärä gatnaşyjylar dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna goşulan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baý we bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny öwrenmegiň ähmiýeti barada çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ýokary ykrarnama eýe bolýandygyny subut edendigi bellenildi.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygyry, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň”, “Durasyň geler”, “Delalat yagşy”, “Atça bolmaz”, “Ýaranlar”, “Bady sabany görsem” atly goşgylary  türkmen dilinde we “Печаль зосталася” hem-de “Добра і зла” goşgulary ukrain dilinde çeper okaldy.

Kitap sergisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň köp sanly neşirleri, Magtymguly Pyragynyň durmuşyna we döredijilik ýoluna bagyşlanan kitaplar, şahyryň türkmen, ukrain, iňlis we beýleki daşary ýurt dillerindäki goşgular ýygyndylary bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşyjylar şahyryň durmuş ýoluny beýan edýän “Magtymguly” atly çeper filmine tomaşa etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi