icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

30 maý 2024

663

Türkmenistanyň wekiliýeti Esberi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen ABŞ-a iş saparyny amala aşyrdy

2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna wekilçilik edýän Türkmenistanyň wekiliýeti Esberi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň Wilmor şäherine baryp gördi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi Meret Orazow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň prorektory Seýitmyrat Ataýew we atşynas hem-de seýis Aman Bäşimow girdiler.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Esberi uniwersitetiniň Prezidenti Kewin Braun, prorektory Şerri Pauers, atçylyk sporty boýunça maksatnamanyň ýolbaşçysy Garald Reýnuoter, lukman Winsa Satliwa we uniwersietiň beýleki wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.

Gepleşiklerde atçylyk pudagynyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda iki edaranyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany işläp taýýarlamak, okuw meýilnamalaryny alyşmak we tejribelikleri guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Esberi uniwersitetiniň ýolbaşçylaryny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy, bu bolsa halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge niýetliligi görkezýär. Duşuşyklardan soň Türkmenistanyň wekiliýeti üçin Esberi uniwersitetiniň atçylyk merkezinde gezelenç guraldy.

2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Kentukki Atçylyk parkyna we Sedlbred Amerikan muzeýine baryp, eksponatlar, kuboklar, atçylyk esbaplary we sungat eserleri bilen tanyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi