28 iýun 2024
7834
Halkara agyr atletika federasiýasynyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Lozanna şäherinde Türkmen Milli agyr atletika federasiýasynyň başlygy Berdinyýaz Mätiýew bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) Baş direktory A.Tsogasyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyň barşynda taraplar Türkmenistanda halkara we sebitleýin agyr atletika ýaryşlaryny geçirmek, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny gurnamak, türgenleri taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda ylalaşdylar.
Şeýle hem Halkara agyr atletika federasiýasynyň Baş direktory A.Tsogas tarapyndan 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen emininiň gatnaşmagy baradaky sertifikat resmi taýdan gowşuryldy.
Başga habarlar
15
Sep
Medeniýet birleşdirýär: Yslamabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk günleri bellenildi
15
Sep
Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi
14
Sep
Astanada Türkmenistanyň we Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
10
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde geçirilýän Halkara kosmos sammitine gatnaşýar
10
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek