icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

24 iýul 2024

624

Türkmen türgenleri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Pariž şäherine geldiler

2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sport wekiliýetiniň agzalary Pariž şäheriniň howa menzilinde dabaraly garşylandy. Dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Pariž Olimpiadasynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri we meýletinçiler gatnaşdylar.

Türkmen türgenleri 26-njy iýulda başlanyp, Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna sportuň dört görnüşi – agyr atletika, dzýudo, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça gatnaşarlar.

Pariž şäherine ugramagyň öňüsyrasynda, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgenlerini XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi