icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

25 sentýabr 2024

455

Ankara şäherinde Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine bagyşlanan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy we Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklary assosiasiýasy (EkoAvrasya) tarapyndan guraldy.

Maslahata Türkiýäniň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiliginiň, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS gatnaşdylar.

Ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen jikme-jik tanyşdylar. Türkmenistanda bolup geçýän halkara wakalar, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna taýýarlyk işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Şeýle hem, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti bellenildi. Maslahatyň barşynda ileri tutulýan meseleler we öňümizdäki ýyl üçin iş meýilnamasy kesgitlenildi. Milli maslahatda raýatlaryň abadançylygyny berkitmäge we Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady häsiýetli meselelere garalýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, maslahatda çykyş edenler türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berdiler. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejeli döwletara dialogy bilen tapawutlanýandygy hem-de halkara giňişliginde özara goldaw we ynam bilen häsiýetlendirilýändigi bellenildi.

Çäräniň çäginde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada wideo görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi