icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 oktýabr 2024

224

Türkmenistanyň Ilçisi Gresiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Afiny şäherinde Prezident köşgünde Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow (oturýan ýeri Rim şäheri) Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropula ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gresiýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Katerina Sakellaropulu jogap hökmünde özüne ýollanan mähirli salam we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ‘dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi